Soňky habarlar

Arhiw

GOÝÇÝSM çagalary futbol oýnamaga çagyrýar

12:3028.07.2020
0
6242

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky “Köpetdag”(Dagdan) sport toplumynyň futbol meýdançasynda 2013-nji ýylda doglan ýaş futbolçylary saýlap alyş işini geçirýändigini habar berýär.

Geçiriljek saýlap alyş işiniň geçiriljek senesi, wagty we ýeri: 2020-nji ýylyň 6-njy sentýabry, sagat 08:00-10:00;

Salgysy: Kemine köçesiniň 64-nji jaýy.

Ýaş türgen gelende ýany bilen sport lybasyny, dogluş şahadatnamasynyň göçürmesini we 3×4 surat getirmeli.

Goşmaça habarlaşmak üçin: +99362 46-69-53.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň