Soňky habarlar

Arhiw

“2021 Toyota Avalon” tanyşdyryldy

15:0818.07.2020
0
19658

Örän owadan daşky dizaýny bilen tapawutlanýan “2021 Toyota Avalon” modeli tanyşdyryldy. Kuwwaty 301 at güýjüne barabar V6 motor oturdylan lýuks ulagyň “XLE” we “Limited” görnüşleriniň dört tigri hem birbada aýlanýar. Şeýlelikde, täze “Avalon” gyş şertlerinde hem sürüjilere ýeňillik döreder. Berlen maglumata görä, ulag 100 km ýol üçin şäheriň içinde 9,4 litr, uzak ýolda 6,9 litr, ortaça 8,4 litr benzin ýakar. “2021 Toyota Avalon”-yň “XLE”, “XSE Nightshade”, “Limited”, “Touring” we TRD ýaly jemi 10 görnüşi bolar. TRD görnüşi beýlekilerden 1,5 santimetr pes bolar. Modeliň içki dizaýny görnüşine görä, tagta, alýumin ýa-da hakyky deri düşeler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň