Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek güni belli boldy

17:3313.07.2020
0
3407
Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek güni belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek gününi kesgitledi. Bu duşuşyk 22-nji awgustda geçen möwsümiň çempiony «Altyn asyr» bilen kümüş medalyň eýesi «Ahalyň» arasynda geçiriler.

Şu ýyl Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklaryň geçirilip başlanyna göni 15 ýyl bolýar. Bu kuboga bäş gezek mynasyp bolan «Altyn asyr» ony iň köp gazanan topardyr. Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary soňky bäş duşuşygyň ählisinde hem Kuboga mynasyp boldy. «Ahal» bolsa taryhynda bir gezek (2014-nji ýylda) Naýbaşy kubogy gazandy.

Üçünji aýlawyň öňüsyrasynda Naýbaşy kuboga mynasyp bolmak ony eýelän toparyň möwsümdäki depginine hem oňyn täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň