Süýt galyndylaryndan tämizlik serişdelerini taýýarlan mekdep okuwçysy ýaş alymlaryň bäsleşiginiň iň ýaş ýeňijisi boldy

19:0711.07.2020
0
2791

Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň uçurymy Aýjahan Gulhanowa ýaş alymlaryň bäsleşiginiň şu ýylky ýeňijileriniň arasyndaky ýeke-täk mekdep okuwçysy boldy ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.

«Aýjahan Gulhanowa öz ylmy gözlegleriniň netijeliligi we ähmiýetliligi bilen bu bäsleşige gatnaşan talyplardyr hünärmenleriň ýüzlerçesinden öňe saýlanmagy-da başardy. Bäsleşikde onuň işi üçünji orna mynasyp görlen hem bolsa, ýeňijileriň arasyndaky ýeke-täk mekdep okuwçysy bolmagynyň özi uly ýeňiş ahbetin» diýlip, ýaşlar gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Bäsleşigiň eminleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan iş «Süýt-turşy galyndylaryny gaýtadan işläp, saç we beden ýuwujy serişdeleri işläp düzmek» diýlip atlandyrylýar. Garyndy emele getirilip, täze önümiň alnyşy barada ýaş alymyň özi şeýle gürrüň berýär:

— Süzmäniň suwundan saç we beden ýuwujy serişdeleri almakda, adatça, şeýle maksatly serişdelere garylýan käbir düzümlerden peýdalanyldy. Suwuň ysy aýrylyp, oňa has hoşboý ys berildi. Onuň saçy we bedeni arassalamak mümkinçiligi has artdyryldy. Garynda reňk bermek üçin bolsa şugundyr gaýnadylan suw ulanyldy. Şeýlelikde, hem şampun, hem-de suwuk sabyn alyndy.

Täze tämizlik serişdeleri ekologiýa taýdan 70 göterim arassa. Şampunyň saçdaky goňagy aýryjy, tarlaryny güýçlendiriji we iýmitlendiriji häsiýeti bar. Suwuk sabyn hem tebigylygy we aňrybaş derejede arassalap, bedeni iýmitlendirýänligi bilen tapawutlanýar. Serişdeleriň ikisiniň hem hiç hili zyýanly täsiri ýok. Täze önüm janly-jandarlarda synag edildi.

Işiň ilkinji ähmiýeti ýene bir ýerli önümi öndürmäge mümkinçiligiň bardygydyr. Häzir ýurdumyzda tämizlik serişdelerini, şol sanda şampundyr suwuk sabynlary öndürýän kärhanalaryň sany barha köpelýär. Ýaş alymyň ylmy gözleglerine esaslanýan täze önümçilik bu işe önjeýli goşant goşup biler. Ýokarky bölümlerden hem okaýşyňyz ýaly, ýaş alym bu önümleriň artykmaç taraplarynyň birnäçesini kepillendirýär. Diýmek, tämizlik serişdelerini öndürmegiň türkmen ýoly, belki, geljekde örüsini has giňelder.

Işiň ikinji bir ähmiýeti süýt önümleri kärhanalarynda galyndysyz önümçiligi ýola goýmak bilen baglydyr. Çünki ýaş alymyň gözleglerinde esasy çig mal süýt önümleriniň galyndy suwy. Bu suwy saglygymyz üçin örän peýdaly tämizlik serişdesine öwürmek mümkinçiligi barka, bu işi ýakyndan öwrenmek we gyzyklanmak önüm öndürijileri üçin bähbitli bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň