Soňky habarlar

Arhiw

«Daşoguz» şypahanasy bejeriş mümkinçiliklerini artdyrýar

18:5311.07.2020
0
1699

«Daşoguz» şypahanasynyň suwy adam bedenine oňaýly täsir edýän brom, ýod, ftor, sink, gurşun, marganes, hrom we beýleki mikroelementlere baý bolup, 1250 metr çuňlukdan çykýan tebigy suwuň gyzgynlygy 54 derejä barabardyr ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde ýazylýar.

Bu mineral suw wanna görnüşinde berilýär. Şypahanada ýylyň bütin dowamynda daýanç-hereketlendiriş synalarynyň, periferik-nerw we merkezi nerw ulgamynyň kesellerine we döwükden soňky galan şikeslere, deri kesellerine we beýleki köp sanly dertlere bejerijilik täsiri bolan ýod-bromly suw wanna görnüşinde berilýär. Nerw bilen baglanyşykly kesellilere merjen wannasy has peýdaly hasaplanýar. Şypahanada buýan köki, üzärlik, narpyz, ýandak ýaly dürli dermanlyk otlardan gaýnadylyp taýýarlanylýan wannalar tutuş syna üçin melhemdir. Bu ýerde palçyk, duzly suw wannasy, elektrikleşdirilen palçyk we yşyk bilen bejeriş gezekleşdirme usulynda yzygiderli ulanylýar. Palçyk belli bir derejede gyzdyrylyp, kada laýyk ulanylanda, kentlewügiň sowuklamasynyň öňüni almak, ýüze düşýän ýakallary, örgünleri aýyrmak, tene näziklik bermek, sowuklama ýaly ençeme keselleri bejermek üçin özboluşly melhemdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň