Soňky habarlar

Arhiw

Ispan topary tälimçisini wezipesinden boşatdy

14:0330.06.2020
0
911

Ispaniýanyň “La Ligasynda” şowsuz netijeler alýan “Walensiýa” topary tälimçisi Albert Seladesi wezipesinden boşatdy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Marselinonyň ornuna wezipä bellenen 44 ýaşly tälimçi topara “kowid – 19” sebäpli mejbury arakesmeden soň oýnalan 5 duşuşykda 4 utuk gazandyrdy. 8-nji orna çenli düşen toparyň 32 tapgyrdan soň, 46 utugy bar. Çempionlar ligasy ýaryşynyň daşynda galan “Walensiýa” toparyna möwsümiň ahyryna çenli Woro tälim berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň