Soňky habarlar

Arhiw

2022-nji ýyla süýşürildi

10:2130.06.2020
0
1178

Dünýäniň iň abraýly awtoulag sergileriniň biri bolan Ženewa awtoulag sergisi 2022-nji ýyla süýşürildi. Serginiň guraýjylary gatnaşyjylar bilen pikirsoraşma geçirilendigini mälim etdi. Şoňa laýyklykda, sergä gatnaşýan kompaniýalar bu gözden geçirilişiň 2022-nji ýyla süýşürilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny aýdypdyrlar. Metbugata berlen beýanatda awtoulag pudagynyň häzirki wagtda kyn döwri başdan geçirýändigi we gatnaşyjylaryň pandemiýanyň täsirinden halas bolmak üçin wagta zerurlyk duýýandygy bellenildi.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylky Ženewa awtoulag sergisi 5-15-nji mart aralygynda geçirilmelidi. 90-njy gezek geçirilmeli bu halkara gözden geçiriliş koronawirus ýokançlygy sebäpli ýatyrylypdy. Sergi Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki “Palexpo” sergiler merkezinde her ýylda geçirilip, ol ýerde müňe golaý awtoulag görkezilýär. Şeýle hem oňa dünýäniň dürli ýerlerinden 600-700 müň aralygynda myhman baryp görýär. Sergi ilkinji gezek 1905-nji ýylda geçirilip başlanýar we 1924-nji ýylda halkara sergi statusyny alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň