Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: «Köpetdag» ― 60 pökgi geçiren ilkinji topar

11:2129.06.2020
0
794

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 11-nji tapgyryndan soňra Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagy» möwsümde garşydaş derwezelere 60 pökgi geçirip bilen ilkini topar boldy. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Daýhanbanky» 9:2 hasabynda ýeňen «Köpetdag», şeýlelikde, möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 64-e çykardy.

Indi «Köpetdag» ýaryşdaky iň ýakyn bäsdeşi «Gümrükçiden» 14 pökgi öňde. 11-nji tapgyrda «Migrasiýa» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan «Gümrükçi» şol iki pökgi bilen möwsümdäki gollarynyň sanyny 50-ä tegeledi.

Ýeri gelende aýtsak, şu tapgryda «Köpetdagyň» pökgi gatnaşyklaryndaky artykmaçlygy hem 50-den geçdi. Yzda galan 11 duşuşykda derwezesine bary-ýogy 13 pökgi geçirden «Köpetdagda» 51 pökgi artykmaçlygy bar.

Garşydaşlardan bolsa ol-a 50-miş, heniz 30 pökgi artykmaçlyga ýetip bilen başga topar ýok. Pökgi artykmaçlygynda ikinji orun «Gümrükçä» degişli. Henize çenli derwezesine 27 pökgi geçirden «gümrükçilerde» 23 pökgi artykmaçlygy bar.

11-nji tapgyrda ýene-de:

― «Migrasiýa» 20-nji utugyny gazandy;

― «Daýhanbank» 50-nji, «Migrasiýa» 40-njy, «Deňizçi» 30-njy, «Olimp» 20-nji pökgüsini geçirdi;

― şeýle hem «Daýhanbank» 40-njy, «Deňizçi» 30-njy, «Olimp» 110-njy pökgüsini geçirtdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň