Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: «Köpetdag» 11 duşuşykda 9-njy ýeňşini gazandy

17:5527.06.2020
0
4903

Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Köpetdag» topary 9-njy ýeňşini gazandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyryň çäginde “Daýhanbank” bilen duşuşan paýtagtymyzyň topary 9:2 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, ikinji orun bilen aratapawudyny artdyrmagy başardy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşygynda “Olimp” bilen duşuşan “Deňizçi” 5:2 hasabynda üstün çykdy. “Serhetçiden” 4:2 hasabynda üstün çykan “Senagatbank” 6-njy ýeňşini gazanan bolsa, şoňky tapgyrlarda netijeli oýnaýan “Migrasiýa” topary “Gümrükçi” bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlady.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 28-e ýetiren Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” birinji orny eýelemegini dowam edýär. 21 utuk toplan “Gümrükçi” ikinji, 20 utugy bolan “Migrasiýa” üçünji orunlary eýeleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň