Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn kölüň» kenarynda dynç almagyň tertibi we düzgünleri

22:5417.06.2020
0
2380

15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän köle «Altyn köl» diýip at berip, bu dynç alyş zolaygynyň ilkinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa bu kölde suwa düşmegiň tertibi we düzgünleri barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda şeýle belleýär: 

— Kölüň kenarynda dynç almak üçin saglyk baradaky kepilnamany haýsy lukmançylyk merkezlerinden almaly?

— Bu ýerde dynç almaga isleg bildirýän ýerli raýatlarymyz Talyplar saglyk öýünde, daşary ýurtly raýatlar bolsa paýtagtymyzdaky Halkara kelle we boýun keselleri bejeriş merkezinde lukmançylyk gözegçiliginden geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Kepilnamanyň hereket möhleti 14 gün, möhlet  tamamlanandan soň  täze kepilnamany almaly.

— Kölde suwa düşmegiň düzgünleri nähili?

— Ilki bilen “Altyn kölüň” suwunyň düzüminiň arassalygyny we ynsan saglygy üçin örän ýaramlydygyny bellemek gerek. Bu ýere dynç almana gelýänler dynç alyş zolagynyň girelgeleriniň ikisinde Içeri işler ministrligi tarapyndan gurnalan beketlerde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli. Kölde suwa düşmek düzgünleri bolsa ir sagat 9-dan 19-a çenli aralykda kesgitlenildi.

— Kölüň florasynyň we faunasynyň bu ýeriniň howasyna ýetirýän täsiri nähili?

— Kölüň kenaryna özboluşly bezeg berýän toraňňy we arça dermanlyk ösümlikleri daş-töweregiň howasynyň tämizlenmegine ýardam berýär. Olar howadaky ýaramaz maddalary aýyrýarlar, tebigata bolsa köp mukdarda kislarodyň we fitonsitleriniň bölünip çykarylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa özboluşly kenarýaka mikroklimatyny üpjün edýär. Toprak, suw, howa, Günüň şöhlesi, kenarýaka ösümlik dünýäsi saglygy berkidýär, ýadawlygy aýyrýar, nerw ulgamyny kadalaşdyrýar, netijeli dynç almagyň esasy tebigy şerti bolup hyzmat edýär.

— Kölde suwa düşmegiň tertibi barada nähili maslahatlar berilýär?

— Ir säher bilen 9:00-dan, 11:00-a çenli, agşam 16:00-dan 19:00-a çenli kölüň kenarynda dynç almak we suwa düşmek bellenildi. Dynç alyş mahalynda çagalary gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Her bir dynç alýanynyň ýanynda ýeterlikli mukdarda arassa agyz suwy bolmaly. Nätanyş çola ýerlerde ýüzmeklikden saklanmaly. Suwa spirtli içgileri kabul edip girmek düýbünden gadagan. Suwda ýüzülende wagty 30 minutdan uzak bolmaly däl. Aýaklaryň, elleriň damarlary çekse dessine suwdan çykmaly. Suwda ýüzülende kölüň suwunyň agyz boşlugyna, burna, gözlere, gulaklara düşmezligini gazanmaly. Kölüň kenarynda şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip düzgünlerini doly we  berk berjaý edilmeli.

15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän köle «Altyn köl» diýip at berip, bu dynç alyş zolagynyň ilkinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň