TÝL ― 2020: şu gün 7-nji we 10-njy tapgyrlaryň galdyrylan duşuşyklary geçiriler

23:1016.06.2020
0
4210

Şu gün ― 17-nji iýunda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 7-nji we 10-njy tapgyrlaryň wagty süýşürilen duşuşyklary geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda bu duşuşyklaryň eminlerini, geçiriljek ýerini we başlanjak wagtyny habar berdi.

7-nji tapgyryň çägindäki «Aşgabat» ― «Ahal» duşuşygy «Nusaý» stadionynda geçiriler. Agşamlyk sagat 18:30-da başlanjak duşuşygyň baş emini Resul Mämmedow bolar.

10-njy tapgyryň çäginde «Altyn asyr» «Şagadamy» «Aşgabat» stadionynda kabul eder. Akmyrat Gurbanowyň baş eminlik etjek duşuşygy hem 18:30-da başlanar.

Şu duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2020-de birini ýarym tamamlanyp, toparlar tomusky arakesmä çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň