Soňky habarlar

Arhiw

Selim Nurmyradow Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

23:2813.06.2020
0
5224

Üç aýlyk arakesmeden soňra dikeldilen Özbegistanyň futbol çempionatynda «Bunýodkor» «Kukon-1912-ni» kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň minimal hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 86-njy minutda «Kukon-1912-niň» futbolçysy Bobur Akbarow öz derwezesine geçirdi.

Bu duşuşygyň türkmen janköýerleri üçin aýratynlygy hüjümçi Selim Nurmyradowyň Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirendigidir. Esasy düzümde oýna giren ildeşimiz 59-njy minuda çenli toparynyň ýeňşi üçin göreşdi. Döredilen howply pursatlaryň birnäçesinde türkmenistanly hüjümçiniň hem paýy bar.

Bu ýeňişden soňra utugyny 9-a çykaran «Bunýodkor» ýaryşyň üçünji basgançagyna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň