Aşgabatdaky iň köne ýangyç bekedi täzeden gurulýar

23:2906.06.2020
0
19226

Aşgabadyň SSSR-iň Gahrymany Gurban Durdynyň adyny göterýän köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýangyç guýujy bekediniň durky doly täzelenýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bekedi döwrebaplaşdyrmak işlerini «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky gurluşyk-gurnama kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar.

Işleriň çäginde, esasan, meýdançany we bekediň mümkinçiliklerini giňeltmäge üns berler. Ýangyç ammalarynyň ýeri üýtgedilip, guýujy beketleriň sany artdyrylar.

Aşgabatdaky iň köne ýangyç beketleriniň birinde enjamlar toplumynyň täzelenmegi sürüjiler üçin iňňän gowy täzelikdir. Bu ýerde edilýän hyzmatlaryň her gerimi giňeldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň