Soňky habarlar

Arhiw

Birleşen Milletler Guramasy habar berýär

19:5904.06.2020
0
3215

Dünýäde çylşyrymly ýagdaýy emele getiren COVID-19 pandemiýasy diňe bir adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirmek bilen çäklenmedi. Ol döwletleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyna-da, halkara gatnaşyklaryna-da garaşylmadyk şertlerdäki oňaýsyz täsirini ýetirdi. Bu meseleler boýunça BMG bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy käbir işleri geçirdiler we olar boýunça şeýle maglumatlary habar berdiler.

COVID-19 pandemiýasynyň çäklerinde süýji keseli, rak we ýürek-damar keselleri hasaba alynmady

Rak ýaly beýleki keseller sebäpli immuniteti eýýäm gowşan adamlar üçin COVID-19 has howpludyr. Pandemiýa sebäpli rak, süýji keseli we ýürek-damar keselleri ýaly ýokanç kesellerden ejir çekýän adamlar zerur bejergi almaýarlar. Bu 155 ýurtda geçirilen gözlegde aýan edildi. Barlaglar maý aýynyň ilkinji üç hepdesini öz içine aldy. Mundan başga-da, bu ýurtlarda COVID-19, adatça, gaty ýaramaz ýagdaýlary ýüze çykarýar. Şonuň üçin-de, bu adamlara goşa zarba urýarlar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory doktor Tedros Adhonom Gebreýesus: "Bu ýaramaz hadysalary gözlegiň netijeleri, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda dürli ýurtlardan bize gelen maglumatlary tassyklaýar" – diýip belleýär. Rak, ýürek-damar keseli we bejergä mätäç süýji keseli bolan köpsanly adamlar epidemiýa zerarly öz wagtynda degişli bejergileri alyp bilmeýärler. Doktor T.Gebreýesus hökümetleri, hatda COVID-19-a garşy göreşiň çäginde-de ýokanç keselleri bolan näsaglara üznüksiz ideg etmegiň täze usullaryny tapmaga çagyrdy.

Gözeleg-barlag işleriniň netijelerine görä, köp ýurtda gipertoniýadan (ýurtlaryň 53 göterimi), süýji keselinden (49 göterim), rak keselinden (42 göterim) we ýürek-damar kesellerinden (31 göterim) ejir çekýän näsaglaryň bejergisiniň bölekleýin ýa-da doly togtadylandygyny ýüze çykardy.

Köp ýurtda gipertoniýadan, süýji keselinden, rak keselinden we ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän näsaglary bejermek bölekleýin ýa-da doly togtadyldy. Ýurtlaryň üçden iki bölegi lukmançylyk hyzmatlaryny togtatdy, ýöne COVID-19 bilen baglanyşykly çynlakaý kynçylyklardan gutulýan hassalar üçin dogry bejergileri ýola goýmak möhümdir. Ýurtlaryň ýarysynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyç tekliplerine laýyklykda, döş we ýatgy keseli ýaly öňüni alyş-anyklaýyş çäreleri yza süýşürildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar berşi ýaly, COVID-19 bilen göreşmek baradaky milli meýilnamalarynda ýokaşmaýan keselleriň bejergisini ösen ýurtlaryň 72 göterimi we ösýän ýurtlaryň 42 göterimi öz içine alýar. Ýurtlaryň 19 göterimi bu maksatlar üçin goşmaça serişde bölüp berýär. Köpler mätäçlere kömek etmek üçin täze  usullary tapýarlar, şol sanda telefon ýa-da onlaýn maslahat bermek düzgünleri işjeň ýola goýulýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, pikir soralyşyga gatnaşýan ýurtlaryň 70 göteriminden gowragynyň dowamly kesellerden ejir çekýän COVID-19 ýokaşan hassalar barada maglumatlary ýygnaýandygyny belleýär.

BSGG-nyň Ýokanç däl keseller bölüminiň başlygy doktor Bente Mikkelsen pandemiýanyň adamlara nähili täsir edendigini entek doly bilip bolmajakdygyny boýun alýar: "Bir zat düşnüklidir, diňe ýokaşmaýan keseller bilen kesellän adamlara COVID-19 agyr bolmagy mümkin däl, köpüsi bar bolan keseller üçin bejerilip bilinmez" – diýip, doktor belleýär.

Koronawirus ýok edilenden soň köpçülikleýin welosipede geçmek meýilleşdirilýär

COVID-19-iň ýaramaz täsiri aradan aýrylandan soň welosipedler dikeldiş meseleleriniň çözgüdi bolup bilermi? BMG-na agza bolan Ýewropa ýurtlary bu meselä has giňişleýin garamak we daşky gurşawy goramak, şeýle-de saglyk nukdaýnazaryndan durnukly hereketi ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin iş toparyny döretdiler.

Ýewropadaky we beýleki ýurtlaryň köpüsi koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri aýryp başlansoň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) ulag pudagynyň has netijeli we ekologiýa taýdan arassa görnüşine geçilmeginiň örän netijeli boljakdygyny belleýär.

Iş toparynyň habaryna görä, Barselonadaky hapalanma derejesi takmynan 62 göterim azaldy. Şuňa meňzeş ýagdaý Milan, London we Pariž ýaly Ýewropanyň beýleki uly şäherlerinde-de ýüze çykdy. Jemgyýetçilik transportynyň ulanylyşy ep-esli azaldy, sebäbi köp adamly köpçülikleýin ulaglardan gaça durmak we saglyk edaralarynyň fiziki aralykdaky maslahatlaryny ýerine ýetirmek üçin köp adam pyýada ýa-da welosiped sürmegi makul bilýär. Bu netijeli usuly ýola goýmak maksady bilen, Milan, Ženewa, Brýussel we London çeýe welosiped zolaklaryny döretmek üçin serişde goýmak kararyna geldiler.

Şol bir wagtyň özünde, hususy awtoulaglary köp adam ulanýar. Iş topary hususy ulaglaryň köpçülikleýin ulanmagyna täzeden gaýdyp gelnen ýagdaýynda döwletleriň Durnukly ösüş maksatlaryna we Pariž şertnamasyna ýetip bilmejekdigini aýtdy.

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy Ýewropada satylan täze welosipedleriň sanynyň hasaba alnan täze awtoulaglaryň sanyndan köpdügini habar berdi. 2017-nji ýylyň ahyrynda dünýäniň 1250-den gowrak şäherinde köpçülikleýin welosiped kärendesi ulgamlary ornaşdyryldy we olaryň düzüminde 10 milliondan gowrak welosipedçiler hasaba alyndy. Munuň özi welosipediň transport zerurlyklarynyň yzygiderli kanagatlandyrylmagyna we hyzmatlara, iş ýerlerine, okuwa gatnamaga, şeýle-de durmuşdaky gündelik zerurlyklary aradan aýyrmakda örän amatly ulag serişdesi hökmünde häsiýetlendirilmegi bilen baglydyr.

Iş topary welosiped sürmegi höweslendirýän Baş meýilnamanyň taslamasyny teklip edýär. Bu Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin 2030-njy ýyla çenli Ýewropa sebitinde ýetilmeli aşakdaky maksatlar kesgitlenildi:

  • sebitde welosiped sürmegiň gerimini iki esse ýokarlandyrmak we her ýurtda artdyrmak;
  • welosiped sürmek boýunça milli syýasaty işläp düzmek we durmuşa geçirmek;
  • welosiped sürýänleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we welosiped sürýänleriň ölüminiň hem-de agyr ýaralanmagynyň ýyllyk sanyny iki esse azaltmak;
  • welosiped sürmegi saglyk syýasatlaryna goşmak;
  • ýerden peýdalanmakda welosiped sürmegi, şäher we sebit meýilnamalaşdyrylyşyny, şol sanda infrastrukturany öz içine alýar.

Bu maksatlar COVID-19 pandemiýasy we mundan beýläk dikeldiş işleri bilen baglanyşykly häzirki çylşyrymly şertlerden çykalga tapmak üçin BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş tarapyndan teklip edilen klimat bilen baglanyşykly çärelere doly laýyk gelýär.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, bedenterbiýe işjeňligi saglyk, durmuş we ykdysady ösüş taýdan köp peýdalara eýedir. Bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge kömek edip biler. Fiziki işjeňligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy çäreler 13 sany Durnukly ösüş maksady bilen baglanyşdyrylýar.

Ýeri gelende ýatladýarys, Bütindünýä welosiped gününi bellemek Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde degişli Rezolýusiýa kabul edildi. Oňa dünýäniň 56 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi.

Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped hereketi bilen bagly iki sany dünýä rekordy hem goýuldy. Olaryň biri 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda “Aşgabat” köpugurly stadionynda welosport boýunça 3246 adamyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagy bolup, ol«Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» hökmünde hasaba alyndy. Ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, ol  «Iň dowamly, bir nyzamly welosiped ýörişi» diýlip, hasaba alyndy.

Halkara sport düzümleri Türkmenistanda sportuň ähli görnüşleri, şol sanda welosport boýunça halkara we dünýä ýaryşlaryny geçirmek üçin örän amatly sport desgalaryň hereket edýändigini belleýärler. Şoňa laýyklykda, Welosipedçileriň Halkara birleşigi Aşgabada 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmegi göz öňünde tutýar.

Pandemiýanyň netijesinde zähmet bazarynyň geljegi nähili bolar?

COVID-19 pandemiýasy bilen häzirki wagtda dünýäde millionlarça adam öýde işleýär. Köp adamlar täze durmuşyň oňaýly taraplaryna ýokary baha berseler, ençeme adam işsizligiň uzak dowam etjekdiginden howatyrlanýar.  Bu bolsa köp kompaniýalaryň işgärler düzüminiň arasynda  käbir sowallary döredýär. BMG habar gullugy bu we beýleki meseleleri Halkara zähmet guramasynyň hünärmenleri bilen ara alyp maslahatlaşdy.

Tehnologiýanyň iş şertlerini üýtgetjekdigi pandemiýadan has öň ara alnyp maslahatlaşyldy. Mysal üçin, geçen ýyl Russiýanyň ozalky premýer-ministri Dmitriý Medwedew Halkara zähmet konferensiýasynda çykyş edip, iş wagtynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, ony  tehnologiýa usullaryna görä üýtgedip gurmagy teklip etdi. Köp hünärmen bu pikir bilen ylalaşdy, ýöne şol şertlere geçmek birneme wagt talap edýär.

Emma ol pursat gaty basym geldi:  COVID-19 bizi ýygnaklary onlaýn ýa-da telefon arkaly geçirmäge mejbur etdi we şunuň ýaly ýygnaklar üçin döredilen köp sanly wirtual platforma ulanyjylaryň sanynyň ep-esli artmagy üçin tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmek gyssagly talap edildi. Hatda şeýle usullar arkaly çagalar hem okaýarlar, hem we şol usullar arkaly öz dostlary bilen “duşuşýarlar”.

Syýahatçylyk, ulag ýa-da myhmanhana biznesi bilen meşgullanýanlaryň hemmesiniň özalky iş ýerlerine gaýdyp gelmejekleri çaklanylýar.

Birnäçe iri kompaniýa meýilleşdirilmedik synag taslamasynyň üstünlikli bolandygyny eýýäm habar berdiler we zähmet guramasyna bolan garaýyşda üýtgeşmeler girizmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Adamlar indi ofislerde garaşmaýarlar. Şatlanmalymy ýa gynanmalymy?

Birinjiden, bu hemmelere degişli däl. Halkara zähmet guramasy ýokary girdejili ýurtlarda işçi güýjüniň diňe 27 göteriminiň uzakdan işläp biljekdigini çaklaýar.

Muňa garamazdan, bu gaty köp adam. Hünärmenler şeýle üýtgeşmeleriň oňyn taraplaryny nädip giňeltmelidigine we ýaramaz netijelerini azaltmaga düşünmäge synanyşýarlar.  Käbir üstünlikli usullar hem bar: "Telekommunikasiýa sebäpli köp kompaniýa işgärleriň saglygyny goramak bilen bir hatarda, pandemiýanyň ýaramaz täsiriniň şertlerinde işlemegini dowam etdirdi” – diýip, Halkara Howpsuzlyk Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat sekretary Sýuzan Haýter belleýär.  – Adamlar işläp, aýlyk alyp we şol bir wagtyň özünde maşgalalaryna wagt aýryp bilýärler – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Emma hemme zat beýle bir rahat däl. Halkara guramanyň hünärmeniniň pikiriçe, iş bilen şahsy wagtyň arasyndaky baglanyşyk kada laýyk däl, bu sebäpli köp dürli psihologik kynçylyklara sebäp bolýan nerw dartgynlylygy ýüze çykýar.

Halkara guramasy iş usullarynyň bölünişigini gözden geçirip, iş ýerlerini saklamak bilen has netijeli iş tertibini üpjün edip boljakdygyny öňe sürýär. Mysal üçin, iş hepdesini gysgaldyp bilersiňiz diýip, Haýter aýdýar we günüň iň agyr döwründe birnäçe işgäriň arasynda jogapkärçiligiň paýlaşylmalydygyny, munuň işden çykarmakdan gaça durmaga we işgärlere iş jogapkärçiligini maşgala durmuşy bilen has sazlaşykly birleşdirmäge kömek eder diýip, ol belleýär.

Umuman aýdanyňda, hünärmenleriniň pikiriçe, ökde hünärmenlere bolan isleg ep-esli ýokarlanar, ýöne käbir hünärler, esasanam, pes aýlykly hünärmenler öňküsi ýaly talap edilip bilinmez. Bu bolsa işsizligiň ýokarlanmagyna getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň