Soňky habarlar

Arhiw

“Sega”-nyň döredilenine 60 ýyl doldy

20:2003.06.2020
0
611

Dürli görnüşli wideo we elektron oýunlaryny döretmegi bilen tanalýan “Sega” şereketiniň esaslandyrylanyna 60 ýyl dolýar. Şereket bu sene mynasybetli wagtynda uly islegden peýdalanan “Game Gear” atly oýun konsolynyň eliň aýasyna sygjak görnüşini satuwa çykarar. Bu enjam 1990-njy ýyllarda satuwa çykarylanda uly girdeji getiripdi. “Game Gear Micro” atly täze enjamyň gara, gök, gyzyl we sary reňkli görnüşleri bolar. Bu enjam “Game Gear”-iň döredilmeginiň 30-njy ýyly bolan 6-njy oktýabrda müşderilere ýetiriler. Kiçijik ekrany bolan enjamyň ululygy 80 mm x 43 mm x 20 mm ölçeginde bolar. Ýapon şereketiniň bu enjamy 4980 ýenden (45 dollar) satylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň