Soňky habarlar

Arhiw

Çagalaryň arasynda geçirilen çeperçilik bäsleşigi jemlendi

19:2312.05.2020
0
7854

Surat: «Nesil» gazeti.

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Bitarap Watanym — Türkmenistanym» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Nesil» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzyň Çagalar çeperçilik mekdepleriniň hem-de Çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşige düzgünnama laýyklykda ýaş suratkeşler özleriniň grafika hem-de akwarel boýunça döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň bäsleşige hödürlän eserleri ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zalynda sergilendi. Welaýatlarymyzdan hemde paýtagtymyzdan suratkeş okuwçylaryň ýetmişe golaý işi tomaşaçylara görkezildi. 

Bäsleşigiň netijelerine görä, grafika boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Nurmyrat Gurdow, Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mekan Söýünow, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Bossan Çaryýewa, Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Döwran Batyrow, 3-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Röwşen Atajykow, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Süleýman Döwletdurdyýew dagy mynasyp boldular. 

Akwarel boýunça 1-nji orny Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky 1-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Perhat Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Dursunjemal Bäşimowa, 2-nji orny Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gülnäzik Nejepowa, Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Bahar Nurgeldiýewa, 3-nji orny Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aýlar Meredowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Çynar Garlyýewa dagy eýelediler. 

Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hemde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki Diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan okuwçylaryň birnäçesi Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň