Top.Mail.Ru

Aşgabatda Ýeňiş gününe bagyşlanan konsert geçirildi

13:1012.05.2020
1
18607

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreleriň, konsertleriň ençemesi geçirildi. 10-njy maýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk konserti bu dabaralaryň jemleýjisine öwrüldi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet hory we belli sungat ussatlary uruş ýyllaryna bagyşlanan aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Konsertde «Katýuşa», «Smuglýanka», «Gök ýaglyk», «Ýeňiş güni» ýaly, meşhur aýdymlar bilen birlikde, rus kinofilmleriniň aýdymdyr sazlary, şeýle hem türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň «Esgeriň ýatlamasy», Suhan Tüýliýewiň «Uly agam» atly aýdymlary ýaňlandy. 

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ysmaýyl Jumaýewdir Wladimir Mkrtumowyň, şeýle hem Leýli Ökdirowanyň, Kakajan Haldurdyýewiň hem-de konserwatoriýanyň talyby Gurbanmyrat Jumanyýazowyň çykyşlary gyzgyn garşylandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň