Top.Mail.Ru

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Bize Nowruz geldi» atly konserti bilen çykyş etdi

09:5320.03.2025
0
13425

Paýtagtymyzda ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Bize Nowruz geldi» atly konserti maksatnamasy bilen çykyş etdi.

Nowruz milli baýramçylykdyr. Baharyň gelmegi bilen, ol her bir adamyň kalbynda jana şypa beriji mukam bolup ýaňlanýar. Şol günler tomaşaçylar teatrlaryň sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryndan ýene bir gezek lezzet almak üçin ýurdumyzyň medeni ojaklaryna barýarlar – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Halbike Dowyýewa konserti «Uz eýlär» diýen aýdymy bilen açdy. Onuň kärdeşi Batyr Hojagulýew bolsa «Nowruz» diýen aýdymy ýerine ýetirdi.

Onuň yzysüre Nargiza Hallyýewa we Tirkeş Mätnazarow watançylyk aýdymlaryny aýtdylar.

Konsertiň maksatnamasyna laýyklykda Annamyrat Saparowyň, Oguljan Meretdurdyýewanyň, Perhat Ibragimowyň we beýleki teatr artistleriniň aýdymlary we degişmeleri hem ýaňlandy.

Milli bahar baýramyna bagyşlanan konserti tomaşaçylar dynç alyş günlerinde öz telewizorlarynda tomaşa edip bilerler – diýlip, neşirde nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň