Soňky habarlar

Arhiw

R.Meredow: “Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenler toparynyň Türkmenistana gelmegine uly hormat bilen garaşýarys”

23:3808.05.2020
0
40164

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenler toparyny kabul etmäge taýýardyr. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 8-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça geçirilen brifingde aýtdy.

“RIA Nowosti-niň” habaryna görä, “Türkmenistan bu toparyň ýurda gelmegini gurnamaga taýyn. Bu ýerde düýbünden hiç hili mesele ýok” – diýip, R.Meredow belledi. Şeýle-de häzirki wagtda BSGG-nyň wekilleriniň we onuň hyzmatdaşlarynyň ýurda gelmegi bilen baglanyşykly logistika we tehniki meseleler boýunça geňeşmeleriň geçirilýändigini aýtdy.

Türkmen Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy ýurduň iň ýokary derejedäki BSGG-nyň kärdeşleri üçin gyzyklanma döredýän guramalara ýygnaklary we saparlary gurajakdygyny aýtdy. Şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň üsti bilen dowam etdirilýän işler üçin bilermenler toparyna Ýewropanyň belli lukmançylyk merkezleriniň öňdebaryjy hünärmenleriniň goşulmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň