Top.Mail.Ru

Türkmenistan Ýaponiýa eksport-karz gullugy bilen onlaýn gepleşikler geçirýär

08:1328.04.2020
0
11200

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň Döwlet eksport-karz agentliginiň (Nippon Export and Investment Insurance (NEXI) wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde maliýe-maýa goýum gatnaşyklary babatda bar bolan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga we milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarmaga gönükdirilen ýokary tehnologiýaly ylmy önümçilikleri döretmäge tarap alan ugry dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär, göni işewür gatnaşyklara täze depgin bermäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýär.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezilen himiýa senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy babatda tagallalaryň birleşdirilmegi has möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň dürli ugurlarda bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda üstünlikli tejribä eýedigi bellenildi. Şol ugurlar boýunça NEXI tarapyndan ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Munuň mysaly hökmünde, Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) arasyndaky karz ylalaşyklaryny agzap bolar. Bu resminamalara soňky ýyllarda nebitgaz toplumynyň, elektroenergetika we himiýa senagatynyň ýokary tehnologiýaly desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

Häzirki wagtda NEXI-niň gatnaşmagynda «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan umumy bahasy ABŞ-nyň 3,63 milliard dollaryna barabar bolan taslamalaryň bäşisi durmuşa geçirildi. Häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy boýunça ýapon kompaniýalary Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gazturbina elektrik bekediniň gurluşygyny alyp barýarlar.

Onlaýn pikir alyşmanyň barşynda milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň