Soňky habarlar

Arhiw

BMG Türkmenistanda global onlaýn meýletin syn sessiýasyny geçirdi

21:1027.04.2020
0
7878

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde “Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli görkezijiler we Milli meýletin synlar” atly global sessiýa geçirildi.  

Duşuşyga ýurtda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň maksady döwletleriň Milli meýletin synlaryny taýýarlamaklarynyň häzirki tapgyrynda BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlary bilen özarabaglanşygynyň çygrynda ileri tutýan milli aýratynlyklarynyň aýdyňlaşdyrylmagyndan ybarat bolup durýandyr.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, DÖM – bu 2030-njy ýyla çenli global strategiki meýilnama bolup durýar we bu ugurda Türkmenistan DÖM-nyň global gün tertibiniň esaslandyrylmagyna işjeň gatnaşýandyr.   2019-njy ýylyň iýulynda Türkmenistan dünýä bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezdi. Şeýle-de biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekdi.

Çykyşlaryň barşynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanda BMG tarapyndan hyzmatdaşlaryň hem-de ýurdumyzyň Hökümetiniň, Mejlisiniň, raýat jemgyýetiniň guramalarynyň we işewürlik toparlarynyň giňden çekilmegi bilen Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, DÖM-nyň ýerine ýetirilişi hem-de MMS-nyň taýýarlygy boýunça milli derejedäki degişli geňeşmeler ulgamlaýyn esasda geçirilýändir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň