Soňky habarlar

Arhiw

Ýene-de ýagyş: Aşgabatda hepdelik howa maglumaty

18:3226.04.2020
0
37210

Bu hepde howa maglumatyny çaklaýanlardan has köp garaşylmadyk ýagdaý boldy: yssy Aşgabat şäherine ýetmedi – aprel aýy ýaz ýagyşlaryna kanuny hukuklaryny gaýtadan dikeltdi. Hawa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hepdäniň ahyrynda 32° yssy duýmadylar (gaharlanmakdan has begendiler), üstesine-de, ýerleriň temperaturasy günortan 15-16 ° çenli aşaklady.

Bu ugurdan iş alyp barýan hhünärmenler ýagyşly boljak indiki hepde üçin gysgaça maglumat taýýarladylar. Umuman, gündiz howanyň temperaturasy 22° - 27° bolar, ýöne irden 16° çenli sowuk bolar.

Duşenbe güni gündiz howanyň 20 gradusdan ýokary bolmazlygy, gündüzine ýagyş ýagyp, onuň agşama çenli güýçlenjekdigi bellenilýär. Günüň ahyrynda çyglylyk 97% -e ýeter. Demirgazyk-günbatardan öwüsýän ýel sekuntda 2-2,5 metr bolar. Magnit hadysasy asuda bolar.

Sişenbe güni ýagyş ýagmagyna, bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy - 20 °. Şeýle hem sişenbe güni gije ýagyş ýagmagy mümkin.

Çarşenbe güni howa 22° çenli gyzar, sekuntda 4-8 metr tizlik bilen güýçli ýel öwser. Magnit hadysasy asuda bolar.

Penşenbe güni ýene ýagyşa garaşylýar, gündiz howanyň temperaturasy 22°-25 °. Ýeliň tizligi sekuntda 2 metrden 6 metre çenli bolar. Bu gün yssy radiasiýa görkezijisi – 3 (ortaça). Diýmek, duýgur bedenli bolan adamlar ony goramak barada has gowy pikirlenmeli: iň oňat serişde saýawan, gün şöhlesi we äýnek.

Çaklamalaryna görä, anna güni ýagyş ýagar, şeý;e-de çyglylyk 87% bolar. Howa günortan 18° çenli gyzar, demirgazyk-günbatardan güýçli ýel öwser.

Şenbe güni bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Günortan ýagyş ýagmagy mümkin. Howanyň temperaturasy 24-den 27°-e çenli. Günorta-gündogardan güýçli ýel öwser, çyglylyk 57-65%.

Dynç güni howanyň temperaturasy 25-26°, şeýle-de şemally we ýagyşly, bulutly howanyň bolmagy mümkin. Hatda gijelerine ýyldyrym çakýar.

Garaz, garaşyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň