Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisini geçirdi

13:3825.04.2020
0
9664

Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Milli Lideri mejlisiň dowamynda ahalteke atçylygy, atşynaslyk sungatyny we atçylyk sportuny mundan beýläk-de halkara derejesinde ösdürmegiň meselelerine garaljakdygyny belledi.

Mundan başga-da, Halkara ahalteke assosiasiýasyna täze agzalar kabul ediler. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işler alyp barýan assosiasiýanyň agzalaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekiler.

Şeýle hem bu guramanyň XI mejlisiniň geçiriljek ýeri hem-de wagty kesgitleniler, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar we olar boýunça degişli çözgütler kabul ediler diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredileninden bäri geçen 10 ýylyň içinde köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 34 döwletinden ýuridik we fiziki şahslaryň 155-si bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olar atçylygy ösdürmekde uly işleri bitirdiler. Bu bolsa dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Döwletimiz atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdelerini goýberdi. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerimizi dowam ederis diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany öz çykyşynda assosiasiýanyň alyp barýan işlerine we ýurtda atçylygy ösdürmek bilen bagly tutumlara ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ajaýyp tohumdaky bedewleri saklamak we köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

E.Orazgeldiýew «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» atly hormatly derejäni esaslandyrmak hakyndaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutany bu teklibi makullady hem-de Mejlisiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň has tapawutlanan atşynaslaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly işjeň agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory hanym Katarina-Irena Anna — Margarita Ýakob we Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Ýožef Gýula Nýek sanly aragatnaşyga çykyp, berlen hormatly at üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze türkmen hem-de daşary ýurtly agzalary kabul etmek hakynda assosiasiýanyň Kararlaryna gol çekdi.

Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa al-Halifa, Rumyniýanyň Parlamentiniň deputaty, Rumyniýa-Türkmenistan Parlamentara toparynyň ýolbaşçysy Antal Iştwan Ýanoş dagylar sanly aragatnaşyga çykyp, assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilenligi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, 2021-nji ýylyň aprelinde Halkara ahalteke assosiasiýasynyň nobatdaky XI mejlisini Aşgabatda geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň