Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 4-nji tapgyr, häzirlikçe, iň golly tapgyr

12:4622.04.2020
0
4060

Ýokary liganyň 4-nji tapgyrynda derwezelere jemi 8 pökgi geçirildi. Biz tapgyrda «Altyn asyr» ― «Köpetdag» duşuşygynyň 1:1, «Ahal» ― «Şagadam» duşuşygynyň 2:0, «Merw» ― «Aşgabat» duşuşygynyň 0:1, «Nebitçi» ― «Energetik» duşuşygynyň bolsa 1:2 hasabynda tamamlanandygyny habar beripdik.

Şeýlelikde, 4-nji tapgyr şu möwsümde iň kän pökgi geçirilen tapgyr bolupdy. Mundan ozal 3-nji tapgyr 7, 1-nji tapgyr 4, 2-nji tapgyr 3 pökgi bilen tamamlanypdy.

Görşüňiz ýaly, tapgyrlar gollara baý däl. Ýöne bu çempionatda güýçleriň deňeçerdigini görkezýär.

Yzda galan dört tapgyrda 15 duşuşyk geçirilip, olarda derwezelere 22 pökgi girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň