Soňky habarlar

Arhiw

Bakuwyň deňiz portuna 1300 tonna türkmen karbamidi bardy

21:5317.04.2020
0
12663

Фото: ady.az

Bakuwyň halkara deňiz portuna Türkmenistandan 1300 tonna karbamid baryp düşdi. «Ady.az» web sahypasynyň habaryna görä, gelen ýük ýigrimi futluk konteýnerleriň 62-sine ýüklenip, Türkiýä iberildi.

Şeýlelikde, Türkmenistandan baran ýük «Azerbaýjan demir ýollarynyň» «ADY Container» AGPJ bilen bilelikde amala aşyran ilkinji işi boldy.

Dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda ýük daşamak işlerini dowam etdirýändigini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türki dilli döwletleriň Baştutanlary bilen geçiren wideokonferensiýasynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň