Milli sport oýunlary boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

11:5915.04.2020
0
8514

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi. Onuň maksatnamasyna milli sport oýunlarymyzyň dördüsi boýunça ýaryşlar girizildi.

Düzzüm we küşt boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmenabada hem-de Dänew etrabyna wekilçilik eden türgenler artykmaçlyk gazandylar. Has takygy düzzümde etrabyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçileri Gurbannazar Hemraýew bilen Kamila Mustakowa taý tapylmady. Olaryň kärdeşi Duranaý Jumabaýewa küşt boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýeňiji boldy. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda bolsa FIDE-niň ussady, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň wekili Suhrab Seýmiýew bilen Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň önümçilik we iberiş gullugynyň ýolbaşçysy Maksat Isaýew ýaryşyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Welaýat merkezindäki 7-nji sport mekdebinde ýaglyga towusmak boýunça geçirilen ýaryş hem gyzyky boldy. Bu ýaryşda hormat münberiniň ilkinji üç ornuna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary S.Saparlyýew, G.Saparow we Saýadyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Agajan Ýazyýew mynasyp boldy.

10 agram derejesnde geçirilen göreş boýunça ýaryşlar has gyzykly boldy. Onda saýatly pälwanlar agram derejeleriniň altysy boýunça welaýatyň çempiony bolup, iň ýokary netijäni görkezdiler.

Ýaryşyň sebit tapgyrynyň ýeňijileri ýakynda Mary welaýatynda geçiriljek jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň