Türkmenistanyň Prezidenti wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5713.04.2020
0
10766

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Maslahatda paýtagtymyzy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhüm meselelerine hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşine garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler, şeýle-de tomusky möwsüme taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti häkime täze desgalaryň gurluşygy, şäheriň etraplaryny, köçelerini we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak bilen birlikde, ähli işleri häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda toplumlaýyn alyp barmak, desgalary tomus möwsümine taýýarlamak, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek bilen bagly tabşyryklary berdi.

Welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini netijeli işletmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg edilýär. Gök-bakja ekinlerinden, ýeralmadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almak üçin zerur bolan agrotehniki çäreler görülýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatyň obasenagat ulgamynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şol işler, ähli beýleki möwsümleýin agrotehniki çäreler ýaly, bellenilen kadalara laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutany welaýatlarda gowaça ekişiniň barşy bilen gyzyklanyp, käbir etraplarda bu wajyp möwsümleýin işiň depginleriniň peselendigini belledi. Milletiň Lideri bu ugurda işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bugdaý meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça işler möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl bereketli bugdaý hasylyny kemala getirmek üçin degişli agrotehniki işleri geçirmek, dänäni ormak, daşamak we saklamak üçin kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, elewatorlaryň we ammarlaryň doly taýýarlygyny öz wagtynda üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalaryň gurluşygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözülişine hemişe gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, welaýatlaryň häkimlerine her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy we depgini, şol sanda meýdanlarda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, gowaça ekişiniň geçirilişi, güýzlük bugdaýa, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg edilişi, oba zähmetkeşleriniň dökün, suw, tohum hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda ýeterlik mukdarda üpjün edilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem gallaçylaryň öňünde durýan jogapkärli möwsüme — galla oragyny gysga möhletde ýokary hilli geçirmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmagyň häzirki tapgyrda esasy wezipe bolup durýandygyny nygtady. Bu bolsa ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga, oba hojalyk öndürijileriniň ýokary zähmet gazançlaryna hem-de olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Döwlet Baştutany obasenagat toplumynda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmagyň zerurdygyny nygtap, ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere meýdanlarda dowam edýän işleriň agrotehniki kadalarynyň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek, degişli gulluklaryň we düzümleriň utgaşykly hereketini ýola goýmak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň