Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny kabul etdi

06:2129.04.2024
0
15728
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny kabul etdi
Surat: rais.tatarstan.ru

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.

Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan köp ýyllyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Tatarystaryň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanda ençeme ýyl bäri üstünlikli işleýär. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdary 13 % ýokarlandy we 52 million dollara barabar boldy. Nebit öndürmek, gaz daşamak, awtoulag, uçar, gämi gurluşygy, energiýa we oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Duşuşygyň dowamynda medeni hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Geçen ýyl Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Kazanda bolsa Halkara milli Medeniýet festiwaly geçirildi. Tatar Baştutanynyň nygtamagyna görä, şu ýyl Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Duşuşykda tejribe alyşmagyň möhümdigini, hususan-da, Türkmenistanyň senetçileriniň medeni mirasy gorap saklamak babatdaky tejribesiniň gyzyklydygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary, dürli pudaklarda kesgitlenen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we berýän uly ünsi üçin minnetdarlyk bildirip, belent mertebeli myhmana berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň