Soňky habarlar

Arhiw

«Dutaryň owazy» festiwalynyň çäginde kompozitorlaryň bäsleşigi geçiriler

17:5813.04.2020
0
13795

Kompozitor Mämmet Guseýnowyň başlangyjy bilen geçirilýän we art-direktory bolan Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly indi altynjy gezek geçirilýän Halkara sungatlar festiwaly 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriler.

2020-nji ýylda geçiriljek gözden geçirilişe taýýarlygyň çäklerinde şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna eserleri döretmäge bäsleşik yglan edildi, diri gezip ýörenliginde şu ýyl ol 80 ýaşamalydy.

Bäsleşik häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligi we aýdym-saz sungatynyň ösüş ugurlary bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem Gurbannazar Ezizowyň döredijilik mirasyny wagyz etmäge gönükdirilendir. Bäsleşigiň emin agzalygyna Russiýadan, Türkmenistandan we ABŞ-dan tanymal kompozitorlar hem-de aýdymçylar çagyryldy. Bäsleşige ses we fortepiano üçin eserlerini teklip eden kompozitorlar gatnaşyp bilerler. Nota materiallary 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden 1-nji sentýabryna çenli şu elektron salgy: festival.sounds-of-dutar@mail.ru boýunça kabul edilýär. Bäsleşigiň baýrak gaznasy ABŞ-nyň 1500 dollary möçberinde bellenildi.

Birinji, saýlama (gaýybana) tapgyr 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda geçiriler, onda eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň iberen partituralaryny öwrenerler.

Bäsleşigiň II, jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda geçiriler. Aýgytlaýjy tapgyra çykanlar tomaşaçylary öz döreden eserleri bilen tanyşdyrarlar, konsert tamamlanandan soň emin agzalary ýeňijini we baýrakly orunlary eýelänleri yglan ederler.

Has takyk maglumatlary bäsleşigiň: dutar-sounds.ru resmi saýtyndan alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň