Halkara gatnaşyklary institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

11:2710.04.2020
0
6727

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde sagat 15:00-da instituta berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji we 76-njy orta mekdepleriniň instituta girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň