Soňky habarlar

Arhiw

Kartondan önüm ýasamak üçin bäsleşik

12:2509.04.2020
0
990

Dünýäde ozal haýsydyr bir maksat bilen ulanylan materialy gaýtadan peýdalanmak üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ýagdaý hem tebigata taşlanýan zibiliň azalmagyna, hem-de çig malyň tygşytly ulanylmagyna, netijede ykdysady ösüşe ýardam edýär. Käbir zatlary bolsa, öý şertlerinde başga maksat üçin peýdalanyp bolýar. “Samsung” “CES 2020” sergisinde daşky gurşawa zyýansyz karton gutularyny ulanýandygyny mälim edipdi. Kompaniýa täze telewizorlaryň gutularynda QR kod ýerleşdirýär. Bu kody smartfonda okatmak arkaly ondan nämeleriň ýasap boljakdygyny görüp bolýar. Indi bolsa, “Samsung” kartonlardan ýasap boljak zatlara degişli taslama bäsleşigini yglan etdi. Sowadyjy, telewizor, kir ýuwujy maşyn ýaly öý hojalyk tehnikalary satyn alnanda, olaryň daşlary köplenç zyňylýar. Koreý kompaniýasy bularyň peýdalanylmagy üçin dizaýnlary hem hödürleýär. Kompaniýa “The Serif”, “The Frame” we “The Sero” atly telewizor modellerini satyn alan müşderiler öýde peýdalanyp boljak başga zady hem aňsatlyk bilen ýasap bilerler. Mysal üçin, kiçiräk tekje, stol ýa-da öý haýwanlary üçin öýjagaz ýasap bolar. “Samsung” kartonda ýasap boljak zatlaryň dizaýnyny taýýarlanlara baýrak berjekdigini mälim etdi. Bu bäsleşigi Angliýanyň “Dezeen” žurnaly bilen bilelikde taýýarlady. Ýaryşyň baýrak gaznasynyň 20 müň dollardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň