Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Gözellik dünýäsi ― 2020» bäsleşigi geçiriler

15:2908.04.2020
0
15842

Mälim bolşy ýaly, mart aýynda “Altyn gaýçy” we “Hrustal Liliýa” bäsleşikleri geçirildi . Olaryň birinjisi gözellik pudagyndaky iň gowy hyzmatlary, ikinjisi toý dabaralarynyň iň gowy guramaçylaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Aprel aýynda Türkmenistanda gözellik we toý salonlaryny öz içine aljak «Gözellik dünýäsi ― 2020» bäsleşigi geçiriler. Bäsleşigi guraýjy Wiktor Şohin ol barada «Türkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:   

― Aşgabatda geçirilen «Altyn gaýçy» we «Hrustal liliýa» bäsleşiklerinden soňra beýleki şäherleriň salonlarynyň arasynda hem şulara meňzeş bäsleşikleri geçirmek barada teklipleri aldym. Meni gyzyklanmalaryň uly bolmagy begendirýär, sebäbi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gözellik hyzmatlary we toýlar pudagynda zehinli hünärmenler we döredijilikli işleýän telekeçiler bar. Indi ozalky ii bäsleşigi birleşdirmegi makul bildik. Şeýlelikde, täze bäsleşik «Gözellik dünýäsi ― 2020» diýlip atlandyrylýar we ol 30 ugur boýunça geçiriler. Oňa beýleki şäherlerdir etraplardan hem salonlar gatnaşyp biler.

Meýilnamamyzdaky ilkinji basgançak Ähew, Bäherden, Gökdepe we Gurtly tapgyrlaryny geçirmekdir. Bäsleşik 17-nji aprelde Büzmeýindäki «Jeýhun» restoranynda geçiriler. Gatnaşyjy salonlara olaryň müşderileri onlaýn usulda ses berip biler.

Soňky tapgyrda bolsa Mara geçip, «Belent» restoranynda sebitiň salonlarynyň arasynda bäsleşik geçireris. Bu çäre 26-njy aprelde bolar. Ýeňijilerimize hemaýatkärlerimiz tarapyndan goýlan baýraklar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň