Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň futbol çempionatyna badalga berildi

21:1507.04.2020
0
2841
Täjigistanyň futbol çempionatyna badalga berildi

5-nji aprelde geçirilen duşuşyklar bilen Täjigistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. Möwsümdäki ilkinji duşuşykda ýurduň iň ýokary ligasynyň täze wekilleri «Lokomotiw-Pamir» bilen «Faýzkand» güýç synanyşdylar. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

«Hatlon» bilen «Istrawşanyň» arasyndaky duşuşyk bu toparlaryň birinjisiniň 2;1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Kuktoş» bilen «Regar-TedAZ»-yň arasyndaky duşuşykda bolsa hasap açylmady.

Düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow hem çykyş edýän «Istiklol» çempionatyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny ertir myhmançylykda «Duşenbe ― 83» bilen duşuşar. Şeýle hem «Hujand» SSKA-nyň myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň