Soňky habarlar

Arhiw

“Bawariýa” ýyldyz oýunçysynyň şertnamasynyň möhletini uzaltdy

19:1407.04.2020
0
923

“Bawariýa” topary tälimçisinden soň, esasy oýunçylarynyň biri bolan Tomas Mülleriň hem şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Topar 30 ýaşly hüjümçisiniň şertnamasynyň möhletini 2023-nji ýylyň tomsuna çenli süýşürdi. Mülleriň şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanýardy. “Bawariýanyň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Müller 2009-njy ýyldan bäri esasy düzümde çykyş edip gelýär. Müller “Bawariýanyň” düzüminde “Bundesligada” 8 gezek çempionlyk gazandy. Ol ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 521 duşuşykda meýdança çykyp, 195 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň