Soňky habarlar

Arhiw

«Derýaýollary» panton geçelgesini ulanmaga taýýar etdi

13:4506.04.2020
0
1115

«Türkmende­ňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň Türkmenabatdaky Gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminde aralyk gurluşyk we barža pantonlarynyň biri düýpli abatlanyp, ulanmaga taýýar edildi.

 Ozal Türkmenabat — Farap panton geçelgesinde ulanylan bu bölüm indi Pelwert — Mekan geçelgesine birikdiriler. Şeýlelikde, bu ýerdäki panton geçelgesiniň abatlanmaga degişli bölümleriniň biri aýrylyp, ornuna täze abatlanan bölüm goýlar.

Amyderýanyň üstünde gurlan panton geçelgesi bir wagtda 500 tonna çenli ýüki göterip bilýär. Bu geçelge Kerki — Amyderýa, Türkmenabat — Farap we Seýdi — Farap aralygyndaky döwrebap köprüler bilen bilelikde Jeýhunyň sag we çep kenarlaryny birleşdirýär. Her ýyl müň­lerçe ulag Halajyň Pelwert, Hojambaz etrabynyň Mekan obalaryny birleşdirýän geçelgäniň hyzmatyndan peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň