Soňky habarlar

Arhiw

Ýerde ýöreýän uçar

10:3406.04.2020
0
957

Soňky ýyllarda ösen tehnologiýa uçýan awtoulag taslamalarynyň taýýarlanmagyna mümkinçilik berdi. Häzire çenli ýolda ýöreýän maşynlaryň şol bir wagtyň özünde uçup bilýänleriniň hem birnäçesi taýýarlandy. Indi bolsa, hünärmenler diňe ýolda sürmäge niýetlenen uçary taýýarladylar. Awtoulag tigirleriniň üstüne ýerleşdirilen uçary limuzin hökmünde ulanyp bolýar. Ulagyň adaty awtoulag ýaly ýolda hereket etmegi üçin degişli rugsatnamalar alnypdyr. Amerikanyň “Exotic Coach” atly şereketiniň hünärmenleri täsin ulagy taýýarlamak üçin 2 ýyl zähmet çekipdirler. Ulag “Learjet” atly kiçi göwrümli ýokary tizlikli ýolagçy uçarynyň awtoulag görnüşidir. Emma ulagda uçaryň däl-de, adaty awtoulagyň hereketlendirijisi oturdylypdyr. GM kompaniýasynyň göwrümi 8,1 litre barabar bolan V8 motory oturdylan ulag uçaryň sesini çykarmagy üçin ýörite dizaýn edilipdir. Şereketiň inžener-dizaýnerleri kiçi ýolagçy uçarynyň nowasyny üýtgetmezden ululygy 28 dýuýma deň bolan dört tigriň üstüne ýerleşdiripdirler. Bir sanysy öndürilen ulagyň auksion arkaly satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Täsin ulag 2015-nji ýylda öndürilen “Chevy 2500 HD” pikap ulagy hem-de onuň tirkegi bilen bilelikde satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň