Murgap derýasynda «Marysuwhojalyga» degişli läbik sorujylaryň dördüsi işledilýär

22:2605.04.2020
0
1274

«Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň Saryýazydaky «Murgapbaşsaka» önümçilik dolanyşygynda döwrebap läbik sorujylaryň dördüsi işledilýär ― diýip, «Maru-Şahu Jahan» gazeti ýazýar.
Niderlandlaryň önümi bolan kuwwatly maşynlaryň 3-si, Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan läbik sorujy maşynyň biri Saryýazy suw howdanynyň çägindäki Murgap derýasynyň 80-nji hem-de 138-nji kilometrliginde saz we bökdençsiz işledilip, läbik sorup çykarmak işleri guramaçylykly barýar. 
Bu tehnikalaryň bir günde 330-dan, 2400 kub metre çenli läbik sorup çykaryş öndürijiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň