Soňky habarlar

Arhiw

“Audi RS7” – az sanlysy öndüriler

14:5504.04.2020
0
1030

Käbir belli modeller köpçülikleýin satuwa çykarylandan soňra belli maksatlar üçin ulanmaga niýetlenilip, gaýtadan dizaýn edilýär. Şeýle iş bilen meşgullanýan şereketleriň biri bolan “Abt Sportsline” “2020 Audi RS7” modeliniň has kuwwatly görnüşini ýasady. Şereketiň hünärmenleri “ABT RS7-R” ulagdan jemi 125 sanysyny öndürer. Ulagyň daşy ýeňil we kuwwatly materialdan gaýtadan öndürildi. Ulagyň kuwwaty zawoddan çykanynda 4.0 litrlik goşa turboly V8 motorly ulag 600 at güýjüne (592 HP/441 kW)  barabar. 0-100 km tizlige ýetmegi üçin 3,6 sekunt ýeterlik bolan maşynyň ýokary tizligi 250 km/sagada barabar. Täzelenen modeliň bolsa, hakyky nusgasyndan 120 at güýjüne barabar kuwwatlydygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň