Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Prezident dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly günlerde hususyýetçileri goldap durmak boýunça tabşyryklary berdi

14:4204.04.2020
0
9427

3-nji aprelde ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow wise=premýer G.Müşşikowa ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmagy, şeýle hem emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl garaşylýan netijeleriniň düýpli seljermesini geçirmegi tabşyrdy — diýip, TDH habar berýär.

Şonuň bilen birlikde, Döwlet býujetine we býujet çykdajylaryna gaýtadan seretmek boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek barada görkezme berildi.

Milletiň Lideri koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmek barada görkezme berildi. Salgytlary tölemegiň möhletleri gaýra goýulmaga we karz boýunça bergileri tölemek babatda ýeňillikler berilmäge degişli kärhanalaryň sanawyny kesgitlemeli.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny aýdyp, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny köp çekip, bu meseleleriň üstünde tutanýerli işlemegi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň