Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary ABŞ-daky kitaphanalardan türkmen taryhyna degişli gymmatly golýazmalaryň nusgalaryny getirdiler

16:5602.04.2020
0
1490

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ylmy iş saparynda bolup, türkmen ylmy üçin uly ähmiýetli golýazmalaryň 200-e golaýynyň nusgasyny ýurdumyza getirdiler. Häzir institutyň degişli bölümlerinde bu golýazmalary öwrenmek, häzirki zaman türkmen diline geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şular dogrusynda «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy institutyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan JANBEKOW bilen bilen söhbetdeş boldy.

— Kakajan aga, institutyň alymlarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ylmy iş sapary ilkinji gezek öýdýän?!

— Hawa, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen, türkmen alymlaryna dünýäniň dürli döwletlerinde iş saparlarynda bolup, tejribe alyşmaga, golýazma nusgalaryny ýurdumyza getirmäge, ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, 2020-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan 17-nji fewraly aralygynda kärdeşim, institutyň uly ylmy işgäri Nurmuhammet Gylyçdurdyýew bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ylmy iş saparynda bolduk. Bu sapary ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy gurap, oňa «Merian and Smit» medeni guramasy hem ýardam berdi. 26-njy ýanwarda bu guramanyň direktory Trewor Merian bilen duşuşygymyz boldy. Ol Waşington şäherinde ýerleşýän Kongresler kitaphanasynda işlemegiň düzgünleri bilen tanyşdyryp, oňa hasaba durmaga ýardam berdi.

— Ýurduň paýtagtyndaky kitaphanalaryň golýazma hazynasy barada aýdaýsaňyz!

— Kongresler kitaphanasynda onuň arap golýazmalarynyň hünärmeni Muhammat Salhi, pars golýazmalarynyň hünärmeni Hyrat Dinaweri we türki golýazmalaryň hünärmeni Joan Wik bilen bolan duşuşykda bu ýerdäki golýazmalar hakynda pikir alyşdyk. Olaryň berýän maglumatyna görä, bu kitaphanada 350 müň sany arap, 50 müň sany pars we 10 müň töweregi türki golýazma bar. Bu kitaphanada bizi gyzyklandyrýan 50 sany golýazmanyň we 3 sany gadymy kartanyň elektron nusgasy alyndy. Soň­ra Miçigan uniwersitetiniň kitaphanasynda işimizi dowam etdik. Bu ýerde 10 müň töweregi golýazma saklanýar. Olardan 55 sany golýazmanyň elektron nusgasy saýlanyp alyndy. Şeýle-de Kongresler kitaphanasynyň Rejeleýiş we abat saklaýyş bölüminiň müdiri Ýasmin Han bilen duşuşyk geçirildi. Ol Türkmenistanda 2 gezek iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda tejribe iş sapaklaryny geçirendigini uly buýsanç bilen ýatlady, geljekde-de bu ugurda tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtady. Soň­ra ýurduň paýtagtyndan Nýu-Ýork şäherine tarap ýola düşdük.

— Nýu-Ýorkda haýsy kitaphanalarda işlediňiz?

— Bu şäherde Nýu-Ýork Publisistik kitaphanasynda, Prinston uniwersitetinde we Metropoliten muzeýinde işledik. Metropoliten muzeýinde Gündogar golýazmalaryny rejeleýji, bölüm müdiri Martina Rugaýidi bilen duşuşdyk. Ol hem Türkmenistana öň gelip görendigini we bu saparyň onda örän uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Ol golýazmalary rejeleýiş usullary, bu ugurda täze tehnologiýalaryň ulanylyşy hakynda örän gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Bu ýerde muzeýde saklanýan golýazmalaryň nusgalary öwrenildi hem-de türkmen halkynyň milli mirasyna degişli gymmatlyklar bilen ýerinde tanşyldy. Meşhur Prinston uniwersitetiniň kitaphanasynda hem 3 gün işläp, bu ýerde saklanýan golýazma mirasy bilen tanyşdyk. Bu kitaphanadan halkymyzyň şöhratly mirasyna degişli 50-den gowrak golýazmanyň elektron nusgasy alyndy. Nýu-Ýork Publisistik kitaphanasynda 2 müň töweregi gadymy golýazma bar. Bu ýerde-de 3 günüň dowamynda türkmen halkynyň mirasyna degişli golýazmalar doly öwrenildi. Olaryň birnäçesiniň surat nusgasy alyndy. Kitaphananyň düzgünine laýyklykda, alynjak kitaplar 3 gün öňünden sargyt edilýär we bir aýyň dowamynda tölegli esasda mikrofilmde berilýär. Şeýlelikde, bu kitaphanada saklanýan türkmen halkyna degişli golýazmalar anyklanyp, ýakyn geljekde beýleki golýazmalaryň hem surat nusgalaryny almak göz öňünde tutulýar.

— Golýazma nusgalarynyň agramly bölegini Ýel uniwersitetinden hem getiripsiňiz!

— Nýu-Hawen şäherinde ýerleşýän dünýä belli Ýel uniwersitetiniň kitaphanasynda 100 müň töweregi gadymy golýazma saklanýar. Bu ýerde türki golýazmalar boýunça hünärmen Özgen Felek we arap golýazmalarynyň hünärmeni Ýasmin Ramadan bilen duşuşyk geçirildi. Olaryň ýardamy bilen 60-dan gowrak golýazmanyň surat nusgasy alyndy. Umuman, ylmy iş saparynyň netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyna degişli 200-e golaý golýazmanyň elektron nusgasy alyndy we Watanymyza getirildi. Şeýle-de, saparyň çäginde Kongresler kitaphanasynyň, Prinston we Ýel uniwersitetleriniň kitaphanalarynyň müdiriýetleri bilen ikitaraplaýyn ylmy hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

— Getirilen nusgalar haýsy ugurlara degişli?

— Olar taryh, edebiýat, lukmançylyk, tebipçilik, filosofiýa, ahlak, medeniýet, astronomiýa, himiýa, biologiýa, geografiýa, syýahatçylyk, psihologiýa, mantyk, çeper sözleýiş ýaly ugurlara degişli. Şeýle-de, gymmatly golýazmalardan sözlükleriň, syýahatnamalaryň, nesihatnamalaryň, diwanlaryň, ýygyndylaryň nusgalary bar. Türkmen döwletleriniň, şol sanda seljuklaryň taryhy, beýik şahsyýetlerimiz, däp-dessurlarymyz baradaky golýazmalar has-da ähmiýetlidir. Olaryň arasynda orta asyrlara, ondan irki döwürlere degişli arap, pars, türki dillerdäki gymmatly çeşmeler hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň