Soňky habarlar

Arhiw

Welaýat ýaryşynda Daşoguzyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy düzüldi

01:5101.04.2020
0
871

Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynda 2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Gyzykly geçen bu ýaryşda welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Bazaly sport mekdebiniň «Garaşsyzlyk» ýygyndy futbol topary garşydaşlary bolan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň toparyny 6:1, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň toparyny 8:0, Görogly etrabynyň toparyny 5:1 we final oýnun da Gubadag etrabynyň toparyny 5:1 hasabynda ýeňip, birinji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, ikinji orny Gubadag etrabynyň, üçünji orny Boldumsaz etrabynyň ýygyndy toparlary eýelediler.

Ýaryşyň netijesi boýunça tapawutlanan türgenler welaýatyň ýygyndy toparynyň düzümine saýlanyp alnyp, olar 2004-nji ýyl da doglan ýetginjekleriň arasynda Daşoguz şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň birinjiliginde çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň