“Türkmentelekom” telekommunikasiýa kompaniýasy maglumat tehnologiýalaryndan baş çykarýan dürli derejedäki hünärmenleri gözleýär. Degişli mahabatlar kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky “Boş iş orunlary” bölüminde ýerleşdirildi.
Hususan-da, boş iş ýerleri programmist, tor dolandyryjysy we ulgam dolandyryjysy hünärleri üçin hödürlenýär. Anketalary sahypada dolduryp bilersiňiz.
Arza beriji üçin talaplar:
Ulgam administrator hünärmeni
Talaplar:
- Bilimi (Ubuntu Server, Centos, Windows 2003/2008/2012 Server);
- VMware wirtualizasiýa ulgamynda administrirlemek tejribesi;
- Ätiýaç nusgalarynyň ulgamyny administrirlemek tejribesi;
- Aparat üpçünjiligi bilen işlemek tejribesi (IBM, HP, Intel, Cisco, Supermicro)
- Tor enjamlary bilen işlemek tejribesi, torlaryň bölünen görnüşini gurnamak tejribesi.
Programmist
Talaplar:
- Programmist/mobil goşundylaryň programmaçysy;
- IOS we Android üçin mobil goşundylaryň programmaçysy;
- Programmirleme dileriniň bilimi (SQL, Java, Swift);
- Android Studio we Xcode bilen işlemek ukuby.
Tor administratory
Talaplar:
- CCNA ýa-da ýokary derejede tor tehnologiýary bilen işlemek tejribesi;
- TCP/IP protokol derejesinde torlaryň gurnamagyň bilimi;
- Tor enjamlary bilen işlemek tejribesi (kommutator, marşrutizator);
- Monitoring ulgamy bilen işlemek tejribesi (Cacti,Nagios, PRTG Network Monitor, Zabbix).