Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogynyň sebitleýin saýlama ýaryşyna taýýarlyk görýär

13:2031.03.2020
0
6018

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy şu günler Dewisiň kubogynyň saýlama tapgyrynyň dördünji toparçasyndaky ýaryşlara taýýarlygyny güýçlendirýär. Bu ýaryşlar şu ýyl Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.
Milli ýygyndymyz sport ussady Eziz Döwletowyň we ýurdumyzyň 13 gezek çempiony Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda her gün üç wagtyna türgenleşýär.
Türkmen topary sport ussady Eziz Döwletowyň we 13 gezek Türkmenistanyň çempiony, sport ussady Jennette Halýewanyň ýolbaşçylygynda günde üç gezek türgenleşik geçýär.
Derejesi boýunça dünýä çempionatyna deň bolan Dewisiň kubogynyň saýlama ýaryşlaryny Türkmenistan şu ýyl taryhynda ilkinji gezek kabul eder. Şonuň üçin hem türkmen tennisçileriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Olar tennis sportunyň milli mekdebiniň ýeten derejesini görkezmäge we üstünlikli çykyş etmäge synanyşarlar.
Bu ýaryşyň guramaçylyk meseleleri hem uly jogapkärçiligi talap edýär. Çünki oňa biziň ildeşlerimizden başga-da, Bahreýnden, Bangladeşden, Kambojadan, Guamdan, Eýrandan, Yrakdan, Mongoliýadan, Mýanmadan, Omandan, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, BAE-den, Ýemenden, Täjigistandan we Gyrgyzystandan gelen türgenler gatnaşar. Ýurdumyzyň dürli derejedäki halkara ýaryşlary geçirmekde soňky ýyllarda baý tejribe toplandygyny hem nygtamak gerek. Tennis boýunça ýaryşlar Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndan hem orun aldy. Şeýle-de geçen ýyl Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Türkmen tennisçileri bu ýaryşlaryň ikisinde-de medallara mynasyp bolmagy başardylar. Ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligine we türgenlerimize Aşgabatda geçiriljek ýene bir halkara synag garaşýar.
Şu ýylky ýaryşlaryň çäginde Tennis boýunça halkara federasiýanyň (ITF) ýolbaşçysy Dewid Haggetiniň hem Aşgabada gelmegine garaşylýar. Ol ýurdumyzyň tennis hünärmenleri bilen geljekki hyzmatdaşlygyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşar.  
Türkmenistanyň Dewisiň kubogynyň saýlama tapgyryny kabul etmegi halkara guramalaryň hem birnäçesiniň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Geçen ýylyň noýabr aýynda dünýäniň sekizinji raketkasy Mihail Ýužnyý hem Aşgabada geldi. Moskwada «Youzhny team» akademiýasyny esaslandyran meşhur tennisçi 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen özara hyzmatdaşlyk babatynda Ylalaşyga gol çekişipdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri daşary ýurtlara iş saparlarynyň birnäçesini amala aşyryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklaryň birnäçesini baglaşdy. Ýakyn geljekde Ysraýylyň Haýfa şäheriniň Tennis merkezi, Portugaliýanyň «Class» tennis akademiýasy , Belarusyň we Özbegistanyň tennis federasiýalary bilen hyzmatdaşlyklar has güýçlendiriler. 
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi barada aýdylanda bolsa, ýaryşa taýýarlanýan türgenleriň iň ussatlarynyň biriniň Isa Mämmetgulyýewdigini agzamak gerek. Häzirki wagtda ol Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça iň güýçli tennisçileriň sanawyna girip bilen ýeke-täk türkmenistanly türgen. Isa häzir Bratislawa şäherinde Dominika Tsibulkowanyň Tennis akademiýasynda (Slowakiýanyň iň meşhur türgeni, dünýädäki iň güýçli tennisçileriň biri) tälim alýar. Dewisiň kubogynda onuň ýeterlik tejribesi hem bar. Geçen ýyl bu ýaryşyň saýlama tapgyrynyň Iordaniýada geçirilen dördünji toparçasynda Isa biziň ýurdumyza başarjaňlyk bilen wekilçilik etdi.
Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Hajymyrat Çaryýew, harby gullukçy Altymyrat Gurbanow, «Aşgabat» tennis toparynyň tälimçisi Meýlis Orazmuhammedow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gurbangeldi Sähedow we ABŞ-nyň Indiana Ştatynyň Uest-Lafaýett şäherinde ýerleşýän «Perdýu» uniwersitetinde tälim alýan Arslan Oraşew dagylar ýurdumyzyň sport abraýyny gorap çykyş ederler.
Halkara ýaryşlardan başga-da, tennisçilerimiz ýakyn wagtda «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriljek erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlanýarlar. Çempionat milli ýygynda çagyrylmaga mynasyp täze dalaşgärleri hem ýüze çykaryp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň