Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi Mi 10 Lite 5G” tanyşdyryldy

10:5230.03.2020
0
977

Smartfon önümçiliginde öňdäki orunlary eýeleýän “Xiaomi” kompaniýasy “Mi 10 Lite 5G” atly täze telefonyny tanyşdyrdy. Geçen ýyl peýda bolup başlan 5G telefonlarynyň sany şu ýyl has hem köpeldi. Şeýle bolansoň, olaryň bahasy hem has elýeterli bolup başlady. 5G aýratynlykly telefonlar 1000 dollardan hem gymmada satylýardy. Täze tanyşdyrylan telefon hem bäsdeşlerine garanyňda, arzan bolmagy bilen tapawutlanýar. 350 ýewrodan müşderilere ýetiriljek mobil enjamyň selfi kamerasy ekranyň ýüzündäki deşijegiň içine ýerleşdirilipdir. Kameranyň durulygy 16 megapiksel. 6,57 dýuým AMOLED ekranly smartfon barmak yzyňy okaýjy sensor bilen üpjün edilipdir. Enjamyň yz tarapynda 48 megapikselli esasy kamera ýerleşdirilipdir. Ol garaňkyda dury surata almagy üpjün edýän  emeli aň tehnologiýasy bilen işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň