Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynyň duşuyklary awgustda geçiriler

13:4227.03.2020
0
9315

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynyň koronowirus sebäpli soňa galdyrylan duşuşyklary barada belli bir karara geldi. Duşuşyklar şu ýylyň awgust aýynda geçiriler.

Galdyrylan duşuşyklar barada Kataryň, Eýranyň we Yragyň Futbol federasiýalarynyň wekilleri Dohada, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystanynyň wekilleri Dubaýda maslahatlaşdylar. Umumylykda gelnen karara laýyklykda, duşuşyklary iýul aýynyň ahyryndan ozal geçirip bolmaz.

Şeýlelikde, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynyň galdyrylan duşuşyklary awgust aýynda, özi bir döwletiň çäginde geçiriler.

Toparçalaýyn duşuşyklaryň haýsy döwletlerde geçiriljekdigi barada AFK-da ýakynda bir çözgüde geler.

Ýeri gelende, AFK-nyň kubogy ugrundaky duşuşyklar hem soňa süýşürilipdi. Ýöne Konfederasiýa bu duşuşyklaryň täze seneleri barada heniz belli bir karara gelenok. Ýaryşyň Merkezi zolagynda ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyryň» hem ýaryşýandygyny ýatladýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň