Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatly ýaşlar gandbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldular

13:4525.03.2020
0
5549

2002 — 2003-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gandbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda gandbol boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 8-nji we 11-nji sport mekdepleriniň türgenlerinden düzülen topar birinji orna mynasyp boldy. Paýtagtymyzyň ýygyndy toparyny ýurt birinjiligine tejribeli tälimçiler Baýram Çulumbaýew bilen Nurgözel Öwezowa taýýarlady.

Çempionaty Lebap welaýatynyň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary bolsa üçünji orunda tamamlamagy başardy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň