Türkmenistanda ilkinji gezek halkara matematika olimpiadasy geçirildi

11:2925.03.2020
0
27041

22-23-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda 3-nji açyk matematika olimpiadasy geçirildi. Olimpiada iňlis dilinde alnyp barlyp, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 181-si gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şonuň ýaly-da, olimpiada ilkinji gezek internet arkaly Günorta Koreýanyň, Argentinanyň, Bolgariýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň Wýetnamyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden talyplaryň 108-si gatnaşdy.

Daşary ýurtly talyplara olimpiadanyň şertleri bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň resmi web-saýtynda (iuhd.edu.tm) tanyşmaga, şol ýerde hem özleri baradaky maglumatlary hasaba aldyrmaga mümkinçilik döredildi.

— Ýokary okuw mekdebimizde geçirilen olimpiadada matematika we maglumat tehnologiýalary hünärleriniň talyplary A derejede we şo­ňa golaý hünärlerde bilim alýan talyplar B derejede ýekelikde hem-de toparlaýyn görnüşde bäsleşdiler. Çylşyrymly mysaldyr meseleleri çözmek üçin olara 4 sagat wagt berildi. Daşary ýurtly talyplar bilen birlikde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary internet arkaly bäsleşdiler. Bu bolsa ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ýene bir gezek güwä geçýär. Türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge giň ýollary açyp berýän milli Liderimize alkyş aýdýarys — diýip, olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň agzasy, uniwersitetiň mugallymy Pirmyrat Gurbanow gürrüň berdi.

Olimpiadanyň jemleri boýunça ýekeleýin bäsleşikde iň ýokary görkeziji bilen gazanylan 27 altyn medalyň 15- sini, toparlaýyn bäsleşikde gazanylan altyn medallaryň 3-sini türkmenistanly talyplar, galan 2-sini bolsa Russiýanyň we Özbegistanyň talyplaryndan düzülen toparlar eýeledi.

Ýekeleýin bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Myrat Çäşemow, Döwran Nurgeldiýew hem-de Myrat Sapaýew dagy A derejede, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Perman Iljanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Akmyrat Tirkeşow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Jepbar Asgarow we Kadyrberdi Annabaýew B derejede aýratyn tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldular. Olimpiada gatnaşyp, degişli orunlara mynasyp bolan talyplara diplomdyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň