Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

22:4723.03.2020
2
10770

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady.

Milli Lider gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, şeýle hem doganlyk Owganystanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň