«Altyn asyr» AFK-nyň klublaýyn sanawynda 51-nji orny eýeleýär

19:1817.03.2020
0
4303

AFK-nyň täzelenen klublaýyn sanawynda Türkmenistanyň häzirki çempiony, Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary 51-nji basgançakda görkezilýär. Täzelenen sanaw 11-nji mart güni «Footyrankings» saýtynda paýlaşyldy.

Yklymyň 170 futbol toparyny öz içine alýan sanawda «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşlaryndan «Istiklol» 34-nji, «Hujand» 93-nji, «Dordoý» bolsa 110-njy orunda.

Şeýle hem biziň ýurdumyzdan sanawa «Ahal» we «Nebitçi» toparlary goşulypdyr. Bu ýyl AFK-nyň kubogyndan çekilen «Ahal» 97-nji, «Nebitçi» bolsa 139-njy orunda görkezilýär.

Merkezi Aziýa döwletlerine wekilçilik edýän toparlaryň arasynda iň ýokarky orun Daşkentiň «Lokomotiwine» degişli. Milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň ozalky topary sanawyň 27-nji basgançagynda. Ýeri gelende aýtsak, ilkinji bäş orunda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal», Ýaponiýanyň «Kasima Antlers», Hytaýyň «Şanhaý SIPG», Kataryň «Al-Duhail» we Saud Arabystanynyň «Al-Ahli» toparlary bar.

Ozalky täzelenme geçen ýylyň noýabr aýynda bolupdy. Şol sanawda «Altyn asyr» 50-nji orunda görkezilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň