Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2020» oktýabr aýynda geçiriler

10:0416.03.2020
0
870

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna şu ýylyň 28 — 30-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly sergä we maslahata taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň köpugurly kuwwatyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etmegi esasy ugur edinýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrýan halkara maslahatyň ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde hem geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň